Mary welaýatynda mineral dökünleri öndürýän toplum gurlar

  • 07.09.2024 07:56
  • 10k+

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hünärmenleri tarapyndan Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän toplumyň daşky inženerçilik ulgamlary bilen bilelikde taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak boýunça tehniki tabşyryk taýýarlanyldy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi diýip, TDH belleýär.

Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň mineral dökünlere bolan isleglerini doly kanagatlandyryp, artýan bölegini daşary ýurtlara eksport etmäge, öndürilýän mineral dökünleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......