Russiýanyň uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haklary girizildi

  • 06.09.2024 23:27
  • 18k+

U.D.Aliýew adyndaky Karaçaýewo-Çerkesskiniň Döwlet uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haklary girizildi. Bu barada uniwersitetiň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Tausoltan Uzdenowyň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.

“Biziň ýokary okuw mekdebimizde köpsanly türkmenistanly talyplar okaýar. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän şanly ýylynda biz daşary ýurtly talyplar üçin beýik şahyryň adyny göterýän talyp haklaryny girizdik” – diýip, T.Uzdenow agentlige habar berdi.

Uzdenow 10 müň rubl möçberindäki her aý boýunça tölenilýän talyp hakynyň okuwynda gowy ýetişýän hem-de jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan iň ökde daşary ýurtly talyplara beriljekdigi barada belledi. Ilkinji serişdeler tebigy geografiýa fakultetiniň magistri Altyn Bekmyradowa we filologiýa institutynyň aspiranty Ogulnar Töräýewa gowşuryldy.


düýn 23:39
844

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......