Alymlar ýeňil betony oda garşy çydamly etmegiň usulyny oýlap tapdylar

  • 06.09.2024 15:30
  • 6k+

Rus alymlary ýeňil betonyň berkligini ýokarlandyrmak üçin innowasion usul oýlap tapdylar. “Prioritet 2030” programmasynyň çäginde alnan gözleg netijeleri Construction and Geotechnics žurnalynda çap edildi.

Perm milli gözleg politehniki uniwersitetiniň (PMGPU) hünärmenleri materialy has ýokary temperaturalara garşy çydamly etmek üçin betona polat süýümini we nanokremnezemi goşmagy teklip etdiler.
Betonyň 36 nusgasy synagdan geçirildi, olar 4 topara bölünýär: barlag nusgasy, polat süýümli, nanokremnezemli we iki elementiň hem goşulan görnüşi. Netijeler polat süýümli we nanokremnezem birleşmesiniň betonyň fiziki-mehaniki aýratynlyklaryny ýokarlandyrandygyny görkezdi.
Barlag nusgasyndan tapawutlylykda iki elementiň hem goşulan nusgasynyň berkligi 41% ýokarlandy.
Barlagçylaryň pikiriçe, geljekde şeýle materiallaryň ulanylmagy has berk we howpsuz beýik binalaryň, uzak aralykdaky köprüleriň gurluşygynda uly ähmiýete eýe bolar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....