Aşgabadyň we Daşoguzyň saglygy goraýyş edaralaryna täze kislorod stansiýalary oturdyldy

  • 06.09.2024 11:46
  • 9.4k+

Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde we Daşoguzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde kislorod stansiýalary oturdyldy. Bu başlangyjy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde amala aşyrdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berdi.

Kislorod ýiti ýokanç kesellerini bejermek we köp sanly lukmançylyk şertlerini dolandyrmak, şeýle hem umumy saglyk görkezijilerini gowulandyrmak üçin zerur lukmançylyk çeşmesidir.
Şeýle hem ÝUNISEF stansiýalaryň doly ýagdaýda işlemegini we milli saglyk ulgamyna ornaşdyrylmagyny üpjün etmek üçin tehniki kömek berer.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea kislorodyň elýeterliligini ýokarlandyrmagyň eneleriň, täze doglan bäbekleriň we çagalaryň saglygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolup biljekdigini we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmäge ýardam etjekdigini aýtdy. ÝUNISEF mundan beýläk hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ýiti ýokanç keselleriniň bejergisiniň häzirki zaman usullaryny kliniki okuw meýilnamalaryna ornaşdyrmak üçin ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer.


20.06.2026 12:08
6.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......