Italiýa syýahatçylyk salgytlaryny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär

  • 03.09.2024 11:27
  • 4.3k+

Syýahatçylaryň aşa köplügi sebäpli Italiýanyň hökümeti tomus möwsüminde syýahatçylyk salgytlaryny ýokarlandyrmak mümkinçiligine garaýar. Syýahatçylyk ministri Daniela Santançe bu başlangyjyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen sentýabr aýynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy diýip, Financial Times ýazýar.

Häzirki wagtda italýan şäherleri syýahatçylardan myhmanhananyň ýyldyz sanyna ýa-da myhman öýüne baglylykda bir gije üçin 1 – 5 ýewro alýarlar. Italiýanyň Bankynyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda bu ýygymlar 470 mln ýewro girdeji getirdi, 2023-nji ýylda Rim we Wenesiýa ýaly meşhur ýerlerde salgyt ýokarlanandan soň, girdejiler 775 mln ýewro boldy.
Indi hökümet syýahatçylyk salgytlaryny ýene ýokarlandyrmak mümkinçiligini gözden geçirýär. Bahasy azyndan 100 ýewro bolan otaglar üçin bir gijesine 5 ýewro, 100 – 400 ýewro bahaly otaglar üçin 10 ýewro, 400 – 750 ýewrolyk otaglar üçin 15 ýewro we 750 ýewrodan gymmat otaglar üçin bir gijesine 25 ýewro çenli möçberde salgyt kesgitlemek meýilleşdirilýär. 


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......