Dragon Oil Türkmenistanda BAE-niň daşyndaky iň iri täze sebit edarasyny açdy

  • 03.09.2024 02:10
  • 11k+

Dubaýyň hökümetine degişli bolan “Dragon Oil” kompaniýasy Aşgabatda BAE-niň çäklerinden daşynda kompaniýanyň iň iri sebit edarasyny açdy diýip, ORIENT WAM agentligine salgylanyp habar berýär.

Kompaniýanyň Direktorlar geňeşiniň Başlygy Said Mohammed Al Taýerden başga-da, açylyş dabarasyna kompaniýanyň Baş direktory Ali Raşid Al-Jarwan hem-de kompaniýanyň dolandyryş agzalarynyň ýokary derejeli resmi wekiliýeti gatnaşdy.

“Türkmenistanda kompaniýanyň sebit edarasynyň açylmagy bu ýerde 25 ýyldan gowrak iş alyp barýandygymyzyň aýgytlaýjy pursady boldy. Munuň bilen biz Türkmenistan bilen düýpli we netijeli hyzmatdaşlygymyzyň täze sahypasyny açýarys” – diýip, Al Taýer belledi.
– Bu bizi türkmen hökümeti bilen birleşdirýän strategiki hyzmatdaşlygyň hem subutnamasydyr. Sebäbi Türkmenistan ägirt uly nebit we gaz gorlaryna baý bolan esasy ýurtlaryň biridir”.

“Dragon Oil” öz hereket edýän ýurtlarynda gazyp alnyşyň möçberini häzirki görkezijiler görä, günde 180 000 barrelden 250 000 barrele çenli artdyrmagy maksat edinýär. Bu bolsa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli biziň dürli desgalarymyzda gazyp alnyşyň kanunalaýyk ösüşi bolar. Munuň bilen bilelikde bu ösüşde Türkmenistana aýratyn ähmiýetli orun berilýär” – diýýp, WAM Al Taýeriň sözlerini getirýär.
Türkmenistanda täze sebit edarasynyň açylmagy kompaniýa üçin 2029-njy ýylda mawy wodorod bazaryna çykmak, türkmen bazarynda häzirki wagtda 60 000 barrele ýetýän nebitiň gazyp alnyşy boýunça kuwwatlylygyny ösdürmek bilen maýa goýumlary hem-de energiýanyň täzeden dikledilýän serişdeleri pudagy boýunça maýa goýum taslamalary artdyrmak ýaly strategiki maksatlaryna ýetmekde möhüm ädim bolar.
Täze edara Aşgabadyň merkezinde ýerleşip, 1600 inedördül metr meýdany tutýar. Bu bolsa Türkmenistanda “Dragon Oil” kompaniýasynyň iň iri edarasy bolandygyna şaýatlyk edýär. Onda 15 bölüme bölünen 60 sany işgär zähmet çekýär.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......