Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük işgärleriniň iş duşuşygy geçirildi

  • 02.09.2024 11:14
  • 9.4k+

27-29-njy awgustda Türkmenabat şäherinde Lebap welaýat gümrükhanasynyň edara binasynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça hünärmenleriň iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda habar berdiler.

Iş duşuşygynyň dowamynda:

  • harytlaryň daşary söwdasynda gümrük statistiki maglumatlaryň emele gelşiniň usulyýeti maslahatlaşyldy;
  • 2023-nji ýylyň jemi boýunça «Türkmenistanyň importy - Özbegistanyň eksporty» we «Özbegistanyň importy – Türkmenistanyň eksporty» ugurlar boýunça daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlary deňeşdirildi.

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......