Türkmenistan Täjigistanda 540 orunlyk täze mekdep açyp berdi

  • 02.09.2024 09:19
  • 11k+

1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berildi. Mekdebiň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň hormatly ýaşululary iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky synmaz dostlugyň aýdyň nyşany bolan täze mekdebiň şu ýyl diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeginde doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterjekdigini nygtadylar.
Ýeri gelende bellesek, mekdep üçin şu ýeriň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir. Häzirki wagtda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda türkmenler kowçum bolup ýaşaýarlar.
«Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan mekdep binasy umumy meýdany 4300 inedördül metrden gowrak bolan okuw toplumyny özünde jemleýär. Gurluşyk işleri dolulygyna türkmen tarapynyň hasabyna, häzirki zaman ölçegleri esasynda alnyp baryldy. Baş binada giň, ýagty synp otaglarynyň 24-si ýerleşdirilipdir. Olarda okuw işini netijeli alyp barmak üçin ähli şertler döredilendir. Binada kitaphana, üsti ýapyk sport zaly, uly mejlisler jaýy, naharhana, lukmançylyk nokady we beýlekiler hem bar.
Şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna “Bilimli” haryt nyşanly 100 sany noutbuk kompýuteri, şeýle-de “Toyota Coaster” kysymly awtobus sowgat berildi.

Täjigistanda täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, türkmen gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana döwlet sapary wagtynda geçirildi.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......