Apple kompaniýasy OpenAI-a maýa goýmagy we iOS-a ChatGPT-ni birleşdirmegi meýilleşdirýär

  • 31.08.2024 13:24
  • 3.1k+

The Wall Street Journal neşiriniň habar bermegine görä, Apple generatiw emeli aň bilen meşgullanýan OpenAI kompaniýasyna maýa goýmak barada gepleşikleri geçirýär.

OpenAI-den ChatGPT iOS-yň geljekki wersiýalaryna birleşdiriler. Eger gepleşikler üstünlikli bolsa, Apple startapy 100 mlrd dollardan gowrak baha bilen bahalandyrjak Thrive Capital wençur gaznasynyň ýolbaşçylygyndaky birnäçe milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyryna goşular.
Microsoft we Nvidia hem bu tapgyra gatnaşmak mümkinçiligini göz öňünde tutýarlar. Microsoft soňky bäş ýylda OpenAI-a eýýäm 13 mlrd dollar maýa goýdy we GPT tehnologiýasyny öz önümlerine girizdi. Apple ChatGPT-ni iPhone 15 Pro we soňky wersiýalara girizmegi hem-de Apple Intelligence-iň mümkinçilikleriniň çäginden çykýan ulanyjy soraglaryny ChatGPT çat-botuna gönükdirmegi meýilleşdirýär.
ChatGPT-niň 2024-nji ýyl tamamlanýança iOS 18-iň täzelenmesinde peýda bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de, Apple Google-dan Gemini ýaly beýleki emeli aňly çat-botlaryň goldawyny goşmagy meýilleşdirýär.


25.06.2026 10:21
4.3k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......