Aşgabatda türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeleri boýunça resminamalara gol çekildi

  • 30.08.2024 23:21
  • 8.6k+

Şu gün - 30-njy awgustda Aşgabatda «Garagum» myhmanhanasynyň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygy geçirildi. Onuň jemleri boýunça özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda birnäçe resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşyga türkmen tarapyndan ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, owgan tarapyndan bu ýurduň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.  
Duşuşygyň dowamynda taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn depginini nygtap, dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmegi dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. 

Bar bolan kuwwatlyklary durmuşa geçirmekde bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmeginiň ýakyn wagtlarda türkmen-owgan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze many-mazmun bermäge, özara haryt dolanyşygyny düýpli artdyrmaga, onuň düzümini we gerimini diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigi bellenildi. 

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygynyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şonda iki ýurduň arasynda degişli ugurlar boýunça, hususan-da: 

  • – Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» döwlet kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganysatn-Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda Turgundy demirýol bekedinde guruljak desgalaryň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasynda gurulmagy meýilleşdirilýän Turgundy-Hyrat demir ýolunyň ugrundaky takmynan 22 kilometr Türgündy-Sanabar böleginiň Iş meýilnamasyna; 
  • – «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasy bilen Owganystanyň «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçiriji taslamasy babatynda Kabul edýän tarapynyň Hökümeti bilen Ylalaşyga gol çekildi. 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen giňeldilen düzümdäki duşuşyk we onuň netijesi boýunça gol çekilen resminamalar iki goňşy ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we giňeltmäge uly itergi bermäge gönükdirilendir.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......