«Kamaz» Türkmenistana ýerli brend astynda tehnikalary öndürmegi teklip edýär

  • 29.08.2024 21:58
  • 19k+

“Kamaz” kompaniýasy Türkmenistanda önümçiligi ýola goýmagy teklip edýär. Bu barada “Kamaz” Daşary söwda kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň sebit direktory Marat Garifullin 27-nji awgustda Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki mejlisinde belläp geçdi diýip, ORIENT belleýär.

Gürrüň Türkmenistanda (eýýäm “Kamaz” hyzmat ediş merkezleri hereket edýär) tehnika öndürmek üçin täze desganyň döredilmegi barada barýar. Garifulliniň aýtmagyna görä, munuň ýaly önümçiligi ýola goýmagyň dürli görnüşleri ara alnyp maslahatlaşylýar, üstesine-de tatar tarapy bu önümçiligi ýerli bredniň adyndan çykarmagy teklip edýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew bu teklibi goldap, türkmen bazarynda “Kamaz” önümleriniň köpgörnüşliligini belläp, munuň bilen baglylykda Türkmenistanda onuň önümçiliginiň ýola goýulmagy we bilelikdäki kärhana görnüşinde hereket etmegi barada maslahatlaşylýandygy barada aýtdy.
Şeýle-de Garifullin 2024-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistana hususy bölüm üçin niýetlenen “Kamazyň” 100 sanysynyň getirilmegine garaşylýandygyny hem-de häzirki wagtda şertnamanyň üstünde işlenilip, onuň tehniki tarapy barada ylalaşmalaryň geçirilýändigini belledi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......