«Tatneft» Türkmenistanda lukmançylyk polipropilenini öndürmek meselesini öwrenýär

  • 29.08.2024 21:48
  • 5.2k+

RF-niň "Tatneft" kompaniýasy Türkmenistanda lukmançylyk polipropilenini öndürmek, Arkadag şäherinde fiziki erginini we derman serişdelerini öndürmek üçin lukmançylyk senagaty klasterini döretmek meselelerini öwrenýär. 27-nji awgustda Kazan şäherinde geçirilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň maslahatynda bu meseleler maslahatlaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.

Bu mowzuk boýunça «Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky bölümçe müdiri Ildar Burganow belläp geçdi. Ol kompaniýada Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işledýän zawodlar toplumynyň esasynda lukmançylyk polipropilenini öndürmek mümkinçilikleriniň öwrenilýändigi, şeýle-de Arkadag şäherinde import önümleriniň dolulygyna ýerini tutup biljek ýerli çig malyndan taýýarlanan fiziki erginleriniň we derman serişdeleriniň döredilmegine gatnaşmak mümkinçilikleri barada nygtap geçdi.
Şeýle-de Burganow ýylyň ahyryna çenli «Tatneftiň» Türkmenistandaky bölümçesiniň Goturdepe käninde nebitiň gazylyp çykarylyşyny 800 müň tonna çenli ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýandygyny belledi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......