Arkadag şäheri Seulda "akylly" şäherleriň Bütindünýä sergisine gatnaşar

  • 29.08.2024 02:19
  • 5.6k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Seulda “akylly” şäherleriň “World Smart City Expo” atly Bütindünýä sergisine gatnaşar hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin Koreýa Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alşar.
Sişenbe güni Arkadag şäherine saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow g
eljegiň, döredijiligiň, ýaşlygyň şäheri hökmünde ykrar edilen we “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine we ekologik talaplara laýyk gelmelidigini belledi we bu ýerde dünýäniň ösen tejribesiniň milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Koreýa Respublikasynda geçiriljek Bütindünýä sergisi barada aýtmak bilen, onda Arkadag şäheriniň özboluşly ajaýyplyklarynyň ýokary derejede öz beýanyny tapmalydygynyň, ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklaryň guralmagynyň, özara tejribe alşylmagynyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ýurdumyzda ornaşdyrylmagy babatda zerur tagallalaryň edilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny belledi.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
856

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....