Beýik Britaniýada öýkeniň rak keseline garşy sanjymy kliniki synaglardan geçirip  başladylar

  • 26.08.2024 23:28
  • 9.3k+

Londonda öýkeniň rak keseline garşy täze sanjym kliniki synaglardan geçirilip başlandy. Barlag London kollejiniň Uniwersitet klinikasynda (UCLH) geçirilýär diýip, guramanyň web sahypasynda habar berilýär.

Waksinanyň ilkinji dozasy keseliň gaýtalanmazlygynyň öňüni almak umydy bilen bu barlaga gatnaşan 67 ýaşly britaniýaly Ýanuş Rasa goýberildi.
Waksina Germaniýanyň BioNTech kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi we immunitet ulgamyna, sagdyn dokumalara zeper ýetirmezden, rak öýjüklerini tanamaga we ýok etmäge itergi berýän mRNK bejergisinden ybarat. Bu çemeleşme kesel öýjükler bilen birlikde sagdyn öýjükleri-de zaýalaýan adaty himiýa bejergisinden tapawutlanýar.
Şeýle-de, waksina Angliýadaky, ABŞ-daky, Germaniýadaky, Wengriýadaky, Polşadaky, Ispaniýadaky we Türkiýedäki 34 sany barlag meýdançasynda synagdan geçirilýär.
Barlagyň maksady onkologiýa kesellerinden ýogalmagynyň esasy sebäpleriniň biri bolan öýken raky üçin täze täsirli bejergileri tapmakdan ybaratdyr.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......