Türkmen lukmanlary Moskwada "Sagdyn Ýewraziýa" forumyna gatnaşýarlar

  • 25.08.2024 13:42
  • 10k+

Moskwada 22-25-nji awgust aralygynda “Sagdyn Ýewraziýa” atly lukmanlaryň halkara maslahaty geçirilýär. Oňa GDA ýurtlaryndan 150-den gowrak lukman gatnaşýar. Bu barada Orient agentligi halkara hyzmatdaşlyk ösüşine hemaýat edýän “Ýewraziýa” awtonom täjirçilik däl guramasynyň habarlar gullugyna salgylanyp habar berdi.

“Sagdyn Ýewraziýa” atly lukmanlaryň halkara maslahatyna Ermenistandan, Belarusdaan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan lukmanlar gatnaşýar. Bu çärede “Ýewraziýanyň saglyk kanunlar ýygyndysy” dörediler, sosial torlarda bilelikdäki bilim taslamalar işlenilip başlanar” – diýip, habarlar gullugynda bellediler.

“Sagdyn Ýewraziýanyň” baş maksady dürli ýurtlardan bolan lukmanlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we olaryň tejribe alyşmaklary üçin meýdança döretmekden ybaratdyr. Maslahatda lukmanlar beýleki ýurtlarda ulanylýan täze tehnologiýalar we çözgüler bilen tanyşarlar. Şeýle-de gatnaşyjy lukmanlar bilim seminarlaryna gatnaşyp, Moskwanyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerine baryp görerler.
“Ýewraziýa” guramasy sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini öňe sürýän taslamalaryna ýardam kömegini berip, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, sowetden soňky döwrüň sebitdäki ýurtlarda durmuş hiliniň ýokarlandyrmagy boýunça başlangyçlary durmuşa geçirýär.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......