Döwlet gullugy akademiýasy Halk Maslahatynyň ýakynda boljak mejlisine taýýarlanýar

  • 22.08.2024 13:42
  • 12k+

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary bilen, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyz boýunça, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda bu döwlet ähmiýetli çärä bagyşlanan taýýarlyk işleri geçirilýär.

Akademiýada bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka, onuň ähmiýeti babatda wagyz-nesihat duşuşyklary, söhbetdeşlikler geçirilýär.
Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy ýurdumyz üçin möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we uzak möhletleýin maksatlary kesgitlemek üçin adatça öz mejlislerini Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirýär. Milli forumda ilatyň dürli gatlaklarynyň giňden wekilçilik etmegi, erkin pikir alyşmak we jemgyýetçilik pikirine esaslanýan degişli kararlaryň kabul edilmegi Halk Maslahatynyň işiniň esaslanýan demokratik ýörelgelere, ata-babalaryň köpçülikleýin pikir alyşmak we döwlet hem jemgyýet üçin möhüm kararlar kabul etmek baradaky paýhasly däplerine wepalylygyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy ýokary hünär bilimden soňky çuňlaşdyrylan bilim berýän döwlet edarasydyr. Akademiýanyň esasy maksady - Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary esasynda, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýokary bilimli döwlet gullukçylaryny, hünärmenleri gaýtadan taýýarlamakdan we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, magistr maksatnamasy boýunça okatmakdan hem-de döwlet dolandyryşynyň ylmy we usulyýet binýadyny döretmekden, şeýle hem bu işi kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......