BSGG-niň wekilleri Türkmenistana tehniki maslahat beriş saparyny amala aşyrdylar

  • 21.08.2024 11:19
  • 3.4k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri Türkmenistana mikroblara garşy durnukly serişdelere gözegçilik etmek üçin milli barlaghana mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin tehniki maslahat beriş saparyny amala aşyrdylar.

Saparyň çäklerinde hünärmenler mikroblara garşy durnukly serişdelere gözegçilik etýän barlaghanalara baryp gördüler hem-de degişli ugurdaky hünärmenler bilen duşuşyklary we okuw maslahatlaryny geçirdiler.
BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň geňeşçisi Marina Suhorukowa mikroblara garşy durnukly barlaghana serişdelerine gözegçiligi boýunça milli görkezmeleri taýýarlamak boýunça teklipleri berdi.
Bu sapar BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň goldaw bermeginde BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy tarapyndan gurnaldy diýip, Orient habar berýär.


düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......