Angliýada ýüzünde delfinleriň we balyklaryň şekili bolan gadymy rim mozaikasy tapyldy

  • 19.08.2024 10:13
  • 4.2k+

Angliýanyň Roksiter şäherinde arheologlar ýaşy takmynan 2000 ýyl bolan özboluşly rim mozaikasyny tapdylar. Mozaikada ak, gyzyl, gök we sary reňklerde delfinler we balyklar şekillendirilipdir diýip, Daily Mail habar berýär.

Rim döwründe Roksiter şäheri Viroconium Cornoviorum diýlip atlandyrylýardy. Ol ululygy boýunça Angliýanyň 15 000-den gowrak ilaty bolan 4-nji şäheri hasaplanýardy. Rimliler Angliýany terk edenlerinden soň, bu şäherde V asyra çenli ýaşalypdyr.
B. e. II asyra degişli mozaika, baý maşgala degişli bolan uly jaýyň poluny bezäpdir diýlip çak edilýär.
III ýa-da IV asyryň ahyrynda binanyň durkunyň täzelenmegi netijesinde mozaika, gurluşyk galyndylary bilen örtülipdir. Bu bolsa, onuň biziň günlerimize çenli sakalnyp galmagyna sebäp bolupdyr.
Birmingem uniwersitetiniň doktory Rojer Waýt mozaikanyň şu günlere çenli saklanyp galmagyny "adatdan daşary" ýagdaý diýip häsiýetlendirdi.
Ozal, Neapolyň golaýyndaky deňiz suwlarynda arheologlar özboluşly gadymy rim mozaikasyny tapdylar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....