Ýeralma kesellerini anyklamak üçin emeli aň ulgamy hasyly halas etmäge kömek eder

  • 18.08.2024 14:20
  • 12k+

Russiýaly alymlar Hindistandan we Yrakdan hyzmatdaşlar bilen bilelikde emeli aňyň kömegi bilen ýeralma düýpleriniň kesellerini wizual anyklaýyş üçin niýetlenen AI-PotatoGuard innowasion toplumyny işläp taýýarladylar. Bu barada TASS habar berýär.

Ulgam fitoftoroz, alternarioz we gotur ýaly ýaýran keselleri anyklap bilýär.
AI-PotatoGuard suratlary we wideolary işlemäge ýöriteleşen neýron ulgamyny (ConvNet) ulanyp, ýeralmanyň ýapraklarynyň ýagdaýyny seljerýär. Maglumatlar dolandyryjysyz uçýan enjamlardan ýa-da hemra suratlaryndan alnyp bilner, bu hem ýeralma meýdanlarynyň ýagdaýyna hakyky wagtda gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.
Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, ulgam öňki adaty usullar bilen deňeşdirilende, anyklaýyş takyklygyny ep-esli ýokarlandyryp, keseli 95% ýagdaýda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
Keselleriň ir ýüze çykarylmagy olaryň öňüni almak üçin öz wagtynda çäreleriň görülmegine mümkinçilik berýär, bu hem himiki serişdeleriň ulanylmagyny azaldýar we netijede, çykdajylary azaldyp, hasyllylygy ýokarlandyrýar.


düýn 20:11
984

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

düýn 17:01
1.2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.6k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

05.06.2026 19:21
5.7k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......