Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Arçman” şypahanasynda gezelenç etdi

  • 18.08.2024 12:01
  • 36k+

17-nji awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasyna baryp görmeginiň çäklerinde dynç alyş pursatlaryny özüniň agtyjaklary bilen bilelikde geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gezelenjiň dowamynda agtyjaklaryna “Arçman”  şypahanasynyň ähmiýeti we bu ýerleriniň tebigy aýratynlyklarynyň özboluşlylygy barada gürrüň berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyndan ybarat bolan täze kitabyň sahypalaryny agdaryşdyryp, beýik söz ussadynyň goşgularyny okady.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri agtyklarynyň dynç alyş möwsümi döwründe öwrenen bilimleri, olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesleri bilen gyzyklandy.
Arçmanyň çägi boýunça gezelenjiň adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin oňyn täsiriniň bardygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap seýilgähde hereket etmegiň saglygyň baş şertidigini belledi.


düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.9k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......