Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasyna baryp gördi

  • 18.08.2024 12:00
  • 26k+

17-nji awgustda zähmet rugsady wagtynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasyna baryp gördi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bolup bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.
R.Bazarow häzirki döwürde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda:

  • oba hojalyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy boýunça geçiriljek halkara forumyna;
  • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk senesi mynasybetli, oktýabr aýynda bellenilmegi meýilleşdirilen  “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy – häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly  Halkara maslahatynyň;
  • Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe;
  • Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.

düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......