Türkmenistanyň ilçisi Sloweniýanyň Prezidentine Ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 15.08.2024 13:39
  • 5.9k+

13-nji awgustda Türkmenistanyň Sloweniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara Ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň RF-däki ilçihanasynyň Metbugat gullugynda habar berdiler.

Türkmen diplomatyny ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlap, Sloweniýanyň ýolbaşçysy oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi we iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasynda dostlukly we özara hormat goýulýan gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň ilçisi hem öz gezeginde Sloweniýanyň Prezidentine ýola goýlan hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek we ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk däplerini dowam etdirmek üçin zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasynda ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň çäginde syýasy we diplomatik gepleşikleri işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellendi hem-de özara peýdaly söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-sloweniýa ikitaraplaýyn komissiýasynyň işiniň möhüm roly beýan edildi.
Esen Aýdogdyýew, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup durýar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......