Raşid Meredow we Hakan Fidan Ankarada syýasy geňeşmeleri geçirdiler

  • 15.08.2024 13:33
  • 7.4k+

14-nji awgustda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, türk tarapyna Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-inda habar berdiler.

Diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garadylar. Ministrler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hem-de halkara we sebit guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklara aýratyn üns berýändiklerini tassykladylar.
Ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça hereketleri utgaşdyrmaklygyň zerurdygyny nygtap, taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň we Türkmen-türk işewürler geňeşiniň orny barada belläp geçdiler. Energetika pudagy, şeýle hem ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ýola goýulmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

13-nji awgustda Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň binasynda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-türk geňeşmeleri, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we tükelleýiş işlerini geçirmek boýunça geňeşmeler, şeýle hem Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary syýasy edaralarynyň maglumat howpsuzlygy bölümleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
Geňeşmelere Türkmenistanyň we Türkiýäniň DIM-leriniň hem-de degişli pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleriň dowamynda taraplar konsullyk we wiza ugrundaky birnäçe meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak boýunça tekliplere seredildi.
Şeýle hem Türkiýä amala aşyrylan saparyň çäklerinde Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini hatyralamak üçin Ankara şäheriniň «Türkmenistan» seýilgähinde ýerleşýän türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldarynyň ýadygärligine gül çemenini goýdy.


şu gün 07:51
861

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
936

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......