BAE Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan foruma gatnaşyp biler

  • 14.08.2024 16:03
  • 4.7k+

12-nji awgustda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ilçisi S.Garajaýew BAE-niň Döwlet ministri Halifa Şahin Almarar bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynda habar berdiler.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň, dürli ministrlikleriň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary guramaklygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi şeýle hem emirlikler tarapy bilen 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyna BAE-niň iň ýokary derejede wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçiligini agzady hem-de bu wakanyň ähmiýetini nygtady. Döwlet ministri Halifa Şahin Almarar BAE-niň Daşary işler ministrliginiň BAE-niň Prezidentiniň Diwany bilen bilelikde bu mesele boýunça iş alyp barýandygyny mälim etdi.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......