Alymlar: El-Ninýo döwri tamamlandy, ýöne ählumumy maýlama dowam edýär

  • 14.08.2024 13:53
  • 7.5k+

2024-nji ýylyň iýul aýynda El-Ninýo hadysasy bilen baglanyşykly 13 aýlap dowam eden global temperatura rekordlarynyň döwri tamamlandy. Copernicus gullugynyň maglumatlaryna görä, bu howa hadysasynyň tamamlanmagyna garamazdan, ählumumy maýlama dowam edýär diýip, Associated Press habar berýär.

Howa şertlerine düýpli täsir edýän El Ninýo hadysasy birnäçe aý ozal tamamlandy. Şeýle-de bolsa, geçen aýyň ortaça temperaturasy 2023-nji ýylyň iň gyzgyn günleriniň temperaturasyna ýetdi.
El Ninýo hadysasy, Ýuwaş ummanynyň ekwator böleginiň suwlarynyň üstki gatlagynyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýär we suw joşmasy hem-de gurakçylyk ýaly hadysalara sebäp bolýan, global howa şertlerine täsir edýär.
Klimatologlar atmosferadaky parnik gazlarynyň köpelmegi bilen ýüze çykýan global maýlamanyň global temperatura täsir etmäge dowam edýändigini duýdurýarlar. Temperaturanyň Pariž şertnamasy bilen kesgitlenen 1,5° C çäginden geçmegi, ekosistemalara, oba hojalygyna we dünýäniň ykdysadyýetine howp salýar.
Ozal Copernicus-yň gözlegçileri 2024-nji ýylyň 22-nji iýulynyň iň gyzgyn gün bolandygyny habar beripdiler.


15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....