Yzly-yzyna rekord: 22-nji iýulda Ýerde täze temperatura rekordy goýuldy

  • 25.07.2024 12:51
  • 24k+

22-nji iýulda Ýerde gözegçiligiň tutuş taryhynda iň ýokary ortaça temperatura hasaba alyndy. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa gullugynyň maglumatlaryna görä, howa +17,15 gradusa çenli gyzdy. Öňki rekord bir gün öň, 21-nji iýulda goýlupdy, şonda ortaça temperatura +17,09 gradus boldy.

Klimatologlar şeýle görkezijileriň öň hasaba alynmandygyny belleýärler. Alymlar ýylylygyň şeýle derejesiniň Ýer üçin 125 müň ýyl ozal mahsus bolandygyny aýdýarlar. Soň howa sowap başlan. Oba hojalygynyň ösmegi bilen bolsa howa ýaramazlaşyp başlady.
Alymlar energiýa almak üçin ýakylýan gazylyp alynýan ýangyjyň möçberini azaltmagyň zerurlygyny aýdýarlar. Ýogsam, howa gyzmagyny dowam etdirer. Geçen ýyl eýýäm taryhda iň yssy ýyl diýlip bellenildi.
ABŞ-da Milli ekologiýa maglumatlary merkeziniň maglumatlaryna görä, geçen hepdede temperatura rekordlary Ýeriň 550 ýerinde, şol sanda Antarktidada hasaba alyndy.


şu gün 15:05
3.4k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

düýn 18:02
4k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

düýn 12:39
5.6k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

düýn 08:03
4.5k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....