Serdar Berdimuhamedow zähmet rugsadynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna bardy

  • 14.08.2024 00:38
  • 23k+

Häzirki wagtda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji awgustda ir säher bilen Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugramak üçin ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi wekilleri ugratdylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkmenbaşy şäherine tarap ugur aldy.
Biraz wagtdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.


düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......