Hytaýda maşyn sürmegi instruktorlara derek emeli aňly awtoulaglar öwredip başlady

  • 13.08.2024 11:15
  • 10k+

Pekindäki sürüjilik mekdepleriniň birinde sürüjilik sapaklaryny instruktorlaryň ýerine emeli aňly awtoulaglar alyp barýar diýip, South China Morning Post gazeti habar berýär.

Hytaýly inženerler tarapyndan işlenip düzülen, awtoulagdaky AI (emeli aň) ulgamy animasiýa we wizual görkezmeleri ulanyp, sürmek boýunça ädimme-ädim gözükdirmelerini berýär. Ýalňyşylan halatynda bolsa, AI ony aýdýar we nädip düzetmelidigini düşündirýär. Eger okuwçy howply ýagdaýa düşse, AI heläkçiligiň öňüni almak üçin awtopiloty işe girizýär.
Okatmakdan başga-da, şeýle ulaglar inspektor gatnaşmazdan, özleri synagdan geçip biler. Instruktorlar okatmak işine gönüden-göni gatnaşmasa-da, synag meýdançasynda galmak bilen, bir wagtyň özünde birnäçe ulagyň hereketlerine gözegçilik edýärler.
Bu ulgam sürüjilik mekdeplerine çykdajylary kemeltmäge, instruktorlaryň sanyny azaltmaga we okuwçylaryň sanyny köpeltmäge mümkinçilik berýär. Geljekde şuňa meňzeş AI-li okuw ulgamyny tutuş ýurtda ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.


şu gün 10:51
517

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......