Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi

  • 12.08.2024 00:34
  • 3.6k+

Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlary – Gazagystanyň, Gyrygyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ulag ministrleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi.

Maslahatlaşmalaryň esasy meselesi – awtoulag we demir ýollarynyň gurulmagy bilen üstaşyr geçelgeleriň we ulag baglanyşygyň ýokarlanmagy, täze ugurlaryň açylmagy hem-de halkara howa gatnawlaryň torlarynyň giňeldilmegidir. Çäräniň netijesinde taraplaryň geljekki hyzmatdaşlygyndaky maksatlaryny berkidýän Astana beýanatyna gol çekildi diýip, Orient agentligi habar berýär.
Mundan başga-da ministrler Merkezi Aziýa döwletlerinde ulag-logistika merkezleriniň ösdürilmegi barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama maýa goýumlary çekmekde, infrastrukturany ösdürmekde we ulag-logistika merkezleriniň işini ýola goýýan kadalaşdyryjy-hukuk esasyny kämilleşdirmekde oňaýly gurşawy döretmek çäklerinde ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna gönükdirilendir.
Gol çekilen Ähtnama 2023-nji ýyulda Duşenbe şäherinde ministrleriň ilkinji duşuşygynda Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglaryň özarabaglanyşygyny pugtalandyrmak baradaky Ylalaşygyň dowamy boldy.
Wekiliýet Astanada ýerleşdirilen Elektrowoz ýygnaýjy zawodyna baryp, ol ýerde lokomotiw gurluşygynyň önümçilik mümkinçilikleri görkezildi.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......