Astanada Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi

  • 10.08.2024 12:54
  • 4.7k+

9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen baran Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň işine gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu duşuşygyň biziň halklarymyzyň bähbidine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili bolmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz sammitiň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň sebitiň döwletleriniň özara bähbitli gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda, Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Gazagystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Döwlet Baştutany geçirilen duşuşyklaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine, diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde-de döwletara gatnaşyklary giňeltmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda ýurdumyzda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saparyna hem-de onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak halkara foruma gatnaşmagyna garaşylýandygyny nygtady.
Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-gazak gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, şu ýylyň 25 — 27-nji iýunynda Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigine ünsi çekdi. Oktýabr aýynda bolsa ýurdumyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramak meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň çäginde gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligini oturtmak üçin ýer bölegini bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri barada-da gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.


şu gün 07:42
316

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......