Türkmen gümrükçileri gümrük taýdan resmileşdirmegi sanlylaşdyrmakda Özbegistanyň tejribesini öwrenýärler

  • 09.08.2024 22:48
  • 6.6k+

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Daşkentde bolup, gümrük resmileşdirme Merkezini döretmegiň özbek tejribesini öwrenmek, şeýle hem gümrük nokatlarynyň iş ýörelgeleri bilen tanyşdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Gümrük gullugynda 2023-nji ýylyň awgustynda döredilen gümrük taýdan resmileşdirmegiň Merkezine baryp gördüler. Bu toplum maglumatlary gaýtadan işleýän merkezi, uzakdan elektron deklarirleme nokadyny, jaň merkezini, nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümlerini öz içine alýar.
Maglumat ulgamy daşary ýurt edaralarynyň, ýerli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň, şeýle hem awiakompaniýalaryň maglumat ulgamlary bilen utgaşdyrylan.
Elektron deklarirleme nokadynda uzak aralykdan berlen ýük gümrük deklarasiýalaryna, şeýle hem gümrük komitetiniň jaň merkeziniň «11-08» gyzgyn telefon arkaly we web-saýty arkaly alnan haýyşnamalara we ýüztutmalara seredilýär.
Nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümlerinde gümrügiň 50 sany maglumatlar ulgamy, Bütindünýä gümrük guramasynyň sanly maglumatlar ulgamy, şeýle hem daşary ýurtlaryň 30-dan gowrak edaralarynyň we gümrük gulluklarynyň maglumatlary seljerilýär, töwekgelçiliklere baha berilýär we ýurduň ähli gümrük edaralarynyň işine uzakdan gözegçilik edilýär.
Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary daşary ýurt ykdysady işiniň «Arkbulok» we «Çukursaý Teh kontora» nokatlaryna, şeýle hem «Ýallama» serhetýaka gümrük nokadyna baryp gördüler we gümrük edaralarynyň işi bilen ýakyndan tanyşdylar.
Olar gümrük obýektlerini guramagyň ýagdaýy we iş ýörelgesi bilen tanyşdylar.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......