Serdar Berdimuhamedow Konsultatiw duşuşyklaryň esasy maksadynyň saklanyp galmalydygyny aýtdy

  • 09.08.2024 18:36
  • 6.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda her ýyl geçirilýän duşuşyklaryň indi däbe öwrülendigini we tejribäniň görkezişi ýaly, hemişe möhüm we derwaýysdygyny belledi.

Bu mejlisleriň dowamynda netijeli, açyk, ynanyşykly dialog alnyp barylýar, bu bolsa pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine has gowy düşünmäge we bu esasda anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.
Döwlet Baştutanynyň pikirine görä, ýokary derejedäki duşuşyklaryň bu formatyny guramak başlangyjyny öňe süren Türkmenistan bu duşuşyklaryň diňe maslahat beriş häsiýete eýe bolmalydygyndan, berk düzgünleşdiriji kadalardan we amallardan azat syýasy gatnaşyk üçin meýdança bolmalydygyndan ugur alýar. Şeýle çemeleşme hyzmatdaşlygymyzyň barşy barada has giňişleýin we dürs düşünje almaga, teklipleri we düzedişleri girizmäge, pikirleri beýan etmäge mümkinçilik berýär.

«Konsultatiw duşuşyklaryň ilki başdaky mazmuny bu maksady saklanyp galmaly diýip hasaplaýaryn. Biziň pikirimizçe, olaryň çäklerinde haýsydyr bir köptaraplaýyn düzümleriň döredilmegi maksadalaýyk däldir. Biz birek-birege örän oňat düşünýäris, biziň her bir duşuşygymyz aýdyň mazmunly jemleýji resminama bilen tamamlanýar we resminama esasynda biz iş alyp barýarys. Syýasy nukdaýnazardan, şeýle hem iş nukdaýnazaryndan, bu formatyň çäklerinde goşmaça düzümleri döretmegiň zerurlygy ýok diýip hasaplaýarys» diýip, Prezident nygtady.

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Konsultatiw duşuşyklara diňe Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagy biziň pikirimizçe, bu duşuşyklaryň beýleki möhüm bölegi bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, biziň bäştaraplaýyn syýasy dialogymyzyň sebit meselelerine degişlidigi bilen şertlendirilendir.


şu gün 19:44
848

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

düýn 18:57
1.5k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....