Nerwleri we elektronikany birleşdirjek ýumşak altyn elektrodlar işlenip düzüldi

  • 09.08.2024 10:59
  • 2.5k+

Şwesiýanyň Linçýoping uniwersitetiniň alymlary neýrointerfeýslerinde ulanmak üçin ýumşak altyn nanosimleri döretdiler. Bu elektrodlar beýniniň we elektronikanyň arasynda maglumatlary ygtybarly we netijeli geçirmäge mümkinçilik berýän mehaniki häsiýetleri bilen adam nerwlerine meňzeýär. Işiň netijeleri Small žurnalynda beýan edilýär.

Altynyň ulanylmagy bioylalaşyjylygy we ýokary geçirijiligi bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, altyn nerw implantlarynda ulanmak üçin tassyklandy. Şeýle-de bolsa, inçe we uzyn altyn gurluşlary döretmek kyn boldy. Barlagçylar ilki nanosimleri kümüşden "ösdürip ýetişdirdiler", soňra ony altyn bilen örtüp, 99% -den gowrak altyn saklaýan simleri öndürip, kümşi aýyrdylar.
Nanosimler çeýelik we sozulaganlyk berýän silikon plýonkalara ýerleşdirildi. Bu elektrodlara hereket wagtynda hem nerwler bilen ýakyn aragatnaşykda bolmaga mümkinçilik berýär. Alakalarda geçirilen synaglar elektrodlaryň dokuma zeper ýetirmezden, nerw impulslaryny gyjyndyryp we tutup biljekdigini görkezdi.
Elektrodlaryň azyndan üç ýyl hyzmat ediş möhleti bar, bu garaguş, Parkinson we ysmaz kesellerini bejermek ýaly, lukmançylyk maksatlary üçin ulanylmagyna umyt döredýär.


şu gün 10:53
487

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....