Türkmenistanyň Prezidenti Singapuryň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady

  • 09.08.2024 10:38
  • 1.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, onuň halklarymyzyň bähbidine yzygiderli kämilleşdiriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Tarman Şanmugaratnama we Premýer-ministr Lourens Wonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Singapuryň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi diýip, resmi metbugatda habar berdiler.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......