Ýeriň iň sowuk nokadynyň iň ýyly temperaturasy hasaba alyndy

  • 08.08.2024 16:16
  • 14k+

Häzir Antarktidada gyş pasly dowam edýär – iýul we awgust aýlary yklymyň iň sowuk aýlary hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, 6-njy awgustda Merkezi Antarktidanyň “Wostok” stansiýasynda gözegçilikleriň tutuş taryhynda bu döwür üçin iň ýyly temperatura hasaba alyndy. Temperatura – 34,2 gradusa ýetdi diýip, TASS Arktika we Antarktika ylmy-gözleg institutynyň (AARI) metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Bu dereje ortaça ýylylyk derejesinden ep-esli ýokarydyr. Ertesi gün, 7-nji awgustda temperatura – 48,8 gradusa düşdi.
Iýul aýynda “Wostok” stansiýasynda temperaturanyň otaça –66,6, awgust aýynda bolsa -67,6 gradus bolýandygyny belläp geçeliň. Bular –100-den +20 dereje aralygyndaky termometrleriň ulanylmagyny talap edýän, planetanyň iň ýokary temperaturalarydyr. 1983-nji ýylda yklymda –89.2 gradus bolan iň pes temperatura hasaba alyndy.
AARI-niň direktory Aleksandr Makarow: “Global maýlamany tassyklaýan faktlara garamazdan, Antarktida güýçli buz örtüginiň aşagynda galyp, ýene ýüzlerçe ýyl aşa pes temperaturanyň yklymy bolar. Bu sebitdäki gözlegler dünýä ylymlary we planetamyzyň geljegine düşünmek üçin diýseň zerurdyr”.


31.10.2025 22:25
6.5k+

Alymlar Antarktidada ýaşy 6 mln ýyl bolan iň gadymy buz nusgalaryny tapdylar

Antarktidada ýaşy, takmynan, 6 mln ýyla barabar bolan Ýerde iň gadymy buz nusgalary tapyldy. Bu barada Proceedings of the National Academy of Sciences (PNAS) žurnaly habar berýär. Dürli ýurtlardan ylmy gözlegçiler Gündogar Antarktidadaky Allan baýyrlarynyň töwereginde gözleg işlerini geçirdi...

08.10.2025 07:29
10k+

Hytaýly alymlar ilkinji gezek Arktikanyň buzunyň aşagyna adam tarapyndan dolandyrylýan çümmek işini geçirdiler

Hytaýly ummany öwrenijiler Arktikanyň buzunyň aşagynda ilkinji adam tarapyndan dolandyrylýan çuňluga çümmek işini geçirdiler. Geçen hepde tamamlanan ekspedisiýa polýar ekoulgamynyň ýagdaýy barada täze maglumatlary berdi diýip, Interesting Engineering ýazýar...

18.06.2025 14:36
16k+

Antarktidanyň buzlarynyň astyndan gelen adaty bolmadyk signallar alymlary geň galdyrdy

Pensilwaniýa uniwersitetinden gözlegçileriň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Antarktidada adaty bolmadyk radiosignallary ýüze çykardy. Bu signallar buz bilen örtülen yklymyň üstündäki howa şarlaryna ornaşdyrylan Antarctic Impulsive Transient Antenna (ANITA) detektory tarapyndan ýazga alyndy...

04.06.2025 15:29
7.3k+

Arktikada gadymy guşlaryň höwürtgeländiginiň ilkinji subutnamasy tapyldy

Amerikaly we kanadaly paleontologlar Alýaskanyň demirgazygynda Giçki hek döwrüniň guşlarynyň süňkleriniň böleklerini tapdylar. Olaryň içinde uly guşlara degişlisi-de, jüýje guşlara degişlisi-de bar. Bu guşlaryň polýar tegeleginiň daşynda, takmynan, 73 million ýyl ozal höwürtgeläp başlandyklary baradaky ilkinji subutnamasy boldy, bu bolsa öň pikir edilişinden 30 million ýyl öň boldugydyr...