Alymlar howanyň hapalanmagy bilen bedende ýagyň toplanmagynyň arasynda baglanyşyk tapdylar

  • 29.05.2026 23:08
  • 4.1k+

Ispan alymlarynyň topary uzak wagtlap hapa howanyň täsiri astynda bolmagyň adamlarda ýagyň toplanmagyna we myşsa massasynyň kemelmegine sebäp bolup biljekdigini anyklady. Bu barada earth.com neşiri habar berýär.

Barlagçylar howanyň hiliniň ýaramazlygy bilen bedeniň düzüminde, hatda iýmitiň we fiziki işjeňligiň derejesi durnukly galan ýagdaýynda-da, bolup geçýän ýaramaz üýtgeşmeleriň arasynda baglanyşyk tapdylar.

Bu barlaga Balear adalarynyň Saglyk barlaglary institutynyň epidemiology Ariadna Kurto ýolbaşçylyk etdi. Seljerme metabolik sindromly adamlaryň saglygyna Ortaýer deňzi diýetasynyň we maşklaryň täsirini öwrenen PREDIMED-Plus taslamasynyň maglumatlaryna esaslandy.

Tejribä Pamplona, ​​​​Leon, Palma, Reus we Barselona ýaly şäherlerden 55 ýaşdan 75 ýaşa çenli 1454 meýletinçi gatnaşdy, onsoňam iň ýokary hapalanma derejesi Barselonada hasaba alyndy.

Bilermenler üç esasy hapalaýjynyň täsirine baha berdiler:

  • PM2.5 inçe bölejikleri;
  • azot dioksidi;
  • esasan dizel hereketlendirijisiniň zyňyndylaryndan emele gelen gurum.

Bedendäki üýtgeşmeleri yzarlamak üçin DXA densitometriýasy ulanyldy, bu bolsa ýag we myşsa dokumalaryny ýokary takyklyk bilen aýratyn ölçemäge mümkinçilik berýär.

Gatnaşyjylar barlagyň başynda, bir ýyldan soň we üç ýyldan soň skanerden geçirildi. Netijeler ekologiýa taýdan zyýanly ýerlerde ýaşamagyň beden ýagynyň artmagy we myşsalaryň ýitmegi bilen baglanyşyklydygyny tassyklady.

Gurum iň agressiw täsir etdi: bu maddanyň ýokary konsentrasiýaly ýerlerinde ýaşaýan gatnaşyjylar üç ýylyň dowamynda ortaça bir kilograma golaý myşsa massasyny ýitirdiler.

Mundan başga-da, alymlar ilkinji gezek howanyň hapalanmagy bilen içki organlaryň töweregindäki wisseral ýagyň — garyn boşlugynda ýerleşýän içki ýagyň — artmagynyň arasyndaky baglanyşygy dokumentleşdirdiler. Bu täsir 65 ýaşdan kiçi adamlarda has aýdyň ýüze çykdy.

Barlagyň awtorlarynyň pikirine görä, kiçijik hapalaýjy bölejikler gana aralaşyp, metabolizmi bozýan çişme proseslerini döredip biler. Şeýle-de bolsa, barlagçylar bu tapgyrda gönüden-göni sebäp-netije gatnaşygyny däl-de, statistik baglanyşygy anyklandyklaryny nygtaýarlar.


17.06.2026 10:34
1.9k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......