Kasym-Žomart Tokaýew şu ýylyň güýzünde Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýär

  • 06.08.2024 11:16
  • 3k+

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu ýylyň güýzünde Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär. Sapara taýýarlyk meseleleri gazak Lideriniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde maslahatlaşyldy diýip, Akordanyň Metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanlary gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşiniň depginini maslahatlaşdylar.

"Ulag-logistika, energetika, medeni-ynsanperwerlik we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegiň wajyplygy nygtaldy" diýlip, habarda aýdylýar.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
856

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....