Türkmenistanly lukmanlar Koreýa Respublikasynda kliniki okuw geçdiler

  • 05.08.2024 23:12
  • 5.8k+

Türkmenistanly lukmanlar Pusan Milli uniwersitetiniň Koreý lukmançylygy hassahanasynda dört hepdelik kliniki okuw maksatnamasyny üstünlikli geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda habar berdiler.

Okuwyň maksady koreý lukmançylygynyň öňdebaryjy kliniki nazaryýeti we usullary bilen tanyşmakdan, şeýle hem geçen ýyl başlanan bilelikdäki işi dowam etmekden ybarat boldy
Okuwlar 2024-nji ýylyň 1-26-njy iýuly aralygynda geçirildi.
Okuw maksatnamasyna gatnaşanlar uniwersitetiň koreý lukmançylygy, koreý dikeldiş lukmançylygy hem-de akupunktura lukmançylygy kafedralarynyň professor-mugallymlaryndan bilim we tejribe aldylar.
Dört hepde dowam eden okuw maksatnamanyň dowamynda Türkmenistandan gelen lukmanlar Koreýa Respublikasynyň birnäçe lukmançylyk merkezlerine, şol sanda, Standartlaşdyrmak we ösümlikler bilen bejergi etmek merkezine baryp gördüler.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......