Türkmenistanda çagalar baglarynyň iň gowy şepagat uýasy we aşpezi saýlandy

  • 05.08.2024 15:52
  • 4.4k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň guramagynda Aşgabatdaky № 127 çagalar bagynda Türkmenistanyň çagalar baglarynyň şepagat uýalarynyň we aşpezleriniň arasynda döwlet bäsleşikleriniň jemleýji tapgyry geçirildi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

Iň gowy hünärmenleri ýüze çykarmak maksady bilen guralan bäsleşik üç tapgyrda geçirildi: etrap, welaýat we döwlet.
Jemleýji tapgyrda Aşgabat, Arkadag şäherlerinden we bäş sany welaýatlardan ýeňiji bolanlar bäsleşdi. Bäsleşige gatnaşyjylar nazary bilimlerini hem-de hünär başarnyklaryny görkezdiler.
Şepagat uýalarynyň bäsleşiginde Baş baýragy Aşgabatdaky 12-nji çagalar bagyndan Zubeýda Kurambaýewa aldy. Birinji orny Arkadag şäherinden Aýjemal Rawşenowa, ikinji orny Daşoguzdan Mährijemal Begelekowa, üçünji orny Ak bugdaý etrabyndan Laçyn Makirowa aldy.
Aşpezleriň bäsleşiginde Gökdepe etrabyndaky 5-nji çagalar bagyndan Altyn Jummiýewa aldy. Birinji orny Aşgabatdan Uzukjemal Durdyýewa, ikinji orny Arkadag şäherinden Gülçemen Dallaýewa, üçünji orny Lebapdan Hatyja Çöliýewa aldy.
Ýeňijilere diplomlar we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......