Alymlar towuk ýumurtgasynyň agyny janly beden agzalaryny 3D çap etmek üçin esasa öwürdiler

  • 03.08.2024 21:42
  • 4.7k+

Kaliforniýa uniwersitetiniň Terasaki fakultetiniň alymlary janly dokumalary we beden agzalaryny 3D çap etmek üçin biologiki gidrogeli döretmekde towuk ýumurtgasynyň agyny ulandylar diýip, Intersting Engineering ýazýar.

Barlagçylar beloga ýagtylygyň täsiri astynda islendik şekilli üç ölçegli modelleri döretmäge mümkinçilik berýän fotopolimerizasiýa häsiýetini berdi.
Gidrogeli almak üçin barlagçylar metakril turşusyny ulanyp, ýumurtganyň agyna metakril toparlaryny goşdular. Bu kislota belogyň ýagtylygyň täsiri astynda  gatylaşmagyny üpjün edýär we modeliň gatlaklarynyň arasynda berk baglanyşyk döredýär.
Bu açyş biologiki gurluşlaryň 3D çap edilişiniň bahasyny ep-esli arzanlatmak bilen, ony has elýeterli eder. Belogyň özi adamyň beden agzalaryna meňzeş bolmasa-da, gorag, iýmit we şekil bermek bilen ýöriteleşdirilen öýjükleriň ösmegi üçin amatly esas döredýär. Barlagçylar bu çemeleşmede dokuma inženerçiligi we dikeldiş lukmançylygy üçin uly mümkinçilikleri görýärler.

 “Elýeterli tebigy baýlyklary ulanmak we olary akylly himiki modifikasiýalar arkaly gowulandyrmak bilen, şahsylaşdyrylan dikeldiş lukmançylygy üçin täze mümkinçilikleri açýarys. Şeýle üstünlikler beden agzalarynyň köp sanly näsazlygyny, ýürek-damar kesellerini we rak keselini bejermek üçin has täsirli we elýeterli çözgütleri taýýarlamak ugrundaky işimizde möhüm ähmiýete eýe" – diýip, alymlar belleýärler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....