Baltika deňziniň düýbünden patyşa üçin mineral suwly, XIX asyra degişli gark bolan gämi tapyldy

  • 03.08.2024 11:50
  • 7.1k+

Şwesiýanyň Eland adasynyň kenaryndan 58 metr çuňlukda guwwaslar XIX asyra degişli gark bolan ýelkenli gämini tapdylar. Gämide oňat ýagdaýda saklanan 100-den gowrak çüýşe şampan, çakyr, Selters nemes kompaniýasynyň mineral suwy we farfor bar eken diýip, BBC habar berýär.

Hünärmenleriň pikirine görä, gämi heläkçiligi 1850-1867-nji ýyllar aralygynda bolup geçipdir. Baltictech guwwaslar kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tomaş Stahura ýüküň rus imperatory Nikolaý I üçin niýetlenen bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär. Bu wersiýa XIX asyryň ortalarynda selter suwunyň Russiýada aýratyn önüm hasaplanýandygy bilen tassyklanýar, ol diňe ýokary gatlagyň wekillerine elýeterli bolupdyr.
Stakhura: "Ol juda gymmatly bolansoň, polisiýa esgerleriniň goragy astynda daşalypdyr" – diýip, belleýär.
Taryhy maglumatlara görä, 1852-nji ýylda şa gämilerinden biri, hakykatdanam, bu sebitde ýitirilipdir diýip, Meduza portaly belleýär.
Häzirki wagtda ýük Baltika deňziniň düýbünde galýar. Baltictech kompaniýasy tapyndy barada Şwesiýanyň hökümetine habar berdi, gymmat bahaly artefaktlar ýokary çykarylmazdan ozal hökümet degişli resminamalary resmileşdirmeli.
Tomaş Stahura BBC bilen bolan söhbetdeşlikde: "Ol 170 ýyllap şol ýerde ýatypdyr, şonuň üçin, goý, ýene bir ýyl ýatsyn" - diýdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....