"Jeýms Uebb" iň gadymy galaktikanyň tapylandygyny tassyklady

  • 02.08.2024 15:50
  • 2.7k+

Alymlar Nature žurnalynda çap bolan täze makalada gözegçilikleriň taryhynda iň gadymy galaktikanyň tapylandygyny tassykladylar. JADES-GS-z14-0 galaktikasynyň Uly partlamadan 300 million ýyl geçmänkä-de bardygy bellendi.

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Jeýms Uebb kosmos teleskopynyň NIRSpec spektrografy bu galaktikany on sagada golaý synlady. Alnan maglumatlar iň uzakdaky galaktika üçin täze rekord bolan 14,32 gyzyl üýtgemesini görkezdi. NIRSpec enjamy ýyldyzlar kimin beýleki çeşmeleriň täsirini hasaba almazdan, gyzyl üýtgemäni kesgitleýär.
Italiýadaky Scuola Normale Supérieure-yň astronomy Stefano Karniani we Arizona uniwersitetiniň astronomy Kewin Haýnlaýn JADES-GS-z14-0 galaktikasynyň öz häsiýetleri boýunça Älemiň şeýle irki döwürlerinde bolmaly däldigini düşündirdiler. Bu galaktikanyň gerimi azyndan 1600 ýagtylyk ýylydyr, massasy bolsa birnäçe ýüz million Gün massasydyr.
Galaktika köp sanly ýyldyzlaryň emele gelmegini talap edýän köp mukdardaky tozany we agyr elementleriň bolmagy bilen alymlary geň galdyrdy. Bu ýyldyzlaryň we galaktikalaryň ewolýusiýasynyň häzirki teoriýalaryna şübhe döredýär. “Jeýms Uebb” kosmos teleskopynyň älemiň uzak geçmişine göz aýlamaga we ylym üçin täze syrlary açmaga mümkinçilik döredendigini aýdyp bileris.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....