Aşgabatda arap sungatyna we golýazmalaryna bagyşlanan sergi açyldy

  • 02.08.2024 13:30
  • 3.7k+

31-nji iýulda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdul Aziz adyndaky Ylmy merkeziniň «Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly sergisi açyldy.

Serginiň açylyş dabarasyna dostlukly döwletiň Ylmy merkeziniň Ýerine ýetiriji başlygy Turki Al-Şuwaýyryň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary hem-de Medeniýet ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


Sergide Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, Mekge we Medine şäherlerindäki iki mukaddes metjitlere degişli eksponatlara, Türkmenistanda saklanýan arap dilindäki seýrek golýazmalara uly orun berlipdir. Onda «Hanbaly fikhi» diýlip atlandyrylýan arap sungatynyň ajaýyp eserleri bolan golýazmalary, gadymy ýadygärlikleriň, şol sanda ähli musulmanlar üçin mukaddes saýylýan metjitleriň fotosuratlaryny, arap halkynyň däp-dessurlaryna degişli gymmatlyklary, mukaddes Gurhanyň gadymy nusgalaryny synlamak bolýar. Çärede Abdullah bin Ahmad bin Muhammad, Ibn Kudaman, Muhammad Ibn Haj Ibn Şagban ýaly arap alymlarynyň, Magtymguly Pyragynyň golýazmalary bilen hem tanyşmak bolýar.

Serginiň çäklerinde «Türkmenistandaky arap golýazmalary» atly okuw maslahaty hem geçirilýär. Onuň dowamynda iki ýurduň alymlary arap dilinde we elipbiýinde ýazylan golýazmalary öwrenmek babatda özara tejribe alşarlar. Şeýle hem gadymy taryhy, edebiýaty, dili, däp-dessurlary öwrenmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdul Aziz adyndaky Ylmy merkeziniň Ýerine ýetiriji başlygy Turki Al-Şuwaýyryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza saparynyň çäklerinde myhmanlaryň «Köne Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna we Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar.
Sergi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 4-nji awgusta çenli dowam eder.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......