Modifisirlenen siňekler planetanyň hapalanmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge kömek eder

  • 02.08.2024 12:09
  • 2.5k+

Makkuori uniwersitetiniň alymlary biofabrika hökmünde ulanyp boljak modifisirlenen gara siňekleri döretdiler.

“Gara lwinkalar” diýlip atlandyrylýan bu mör-möjekler organiki galyndylary gaýtadan işleýän we döküne öwürýän peýdaly organizmlerdigini köpden bäri subut edip gelýär. Olaryň liçinkalary organiki maddalary işjeň ýagdaýda iýip, şondan soň ýokumly dökünleri çykaryp “zyňýarlar”. Mundan başga-da, olar beloklara we ýaga baý bolany üçin haýwan iýmiti bolup bilerler.
Sintetiki biologiýa boýunça hünärmenleriň täze çemeleşmesi siňekleriň iýmitiniň görnüşini giňeltmek, ýagny oňa arassalaýyş zawodlaryndan we gassaphanalardan çykýan pes hilli galyndylary hem goşmak bolup durýar. Munuň öwezine siňekler gymmatly himiki serişdeleri öndürer. Barlagyň uly awtory Maseý Maselko mör-möjekleriň galyndylary utilizirlemek meselesini mikroblardan has netijeli çözüp biljekdigini aýtdy.

Alym: “Biz gara siňekleri saýlanyp-sortlanan hapa bilen däl-de, gös-göni hapanyň özi bilen iýmitlendirip bileris. Ony diňe kerçäp-ownatmak ýeterlik "- diýýär.

Siňekleriň bedeni düzülenden soň, hatda zäherli galyndylary we agyr metallardyr sintetiki birleşmeler ýaly himiki hapalaýjy maddalary hem siňdirip biler.
Alymlaryň pikirine görä, modifisirlenen siňekler maldarçylyk üçin senagat fermentlerini hem-de bio ýangyçlarda we çalgy ýaglarynda gazylyp alynýan ýaglaryň ornuny tutup biljek ýöriteleşdirilen lipidleri öndürip biler. Bu tehnologiýa daşky gurşaw meselelerini çözmek we galyndylary gaýtadan işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....