Meta kompaniýasy Ýewropa Komissiýasyna 13,4 milliard dollar möçberinde jerime tölemeli bolup biler

  • 01.08.2024 17:32
  • 2.8k+

Ýewropa Komissiýasy (ÝK) monopoliýa garşy kanunlary bozandygy üçin Meta kompaniýasyna jerime salmaga taýynlanýar. Jerimäniň möçberi 13,4 milliard dollara ýetip biler, bu möçber Metanyň 2023-nji ýyldaky global girdejisiniň 10%-ine deňdir.

ÝK bir ýarym ýyldan gowrak derňew geçirip, Metanyň Facebook bilen birleşdirip, mahabat bazary Marketplace-e artykmaçlyk berýändigini anyklady. Bu bolsa onlaýn mahabat bazaryndaky bäsdeşligi çäklendirýär.
Mundan başga-da, ÝK Metany bäsdeşlik edýän onlaýn mahabat hyzmatlary bolan Facebook we Instagram-da mahabat ýerleşdirmek üçin amatsyz şertleri ulanyp, esasy bazar ornundan hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplaýar.
Meta kompaniýasynyň wekili Mett Pollard EC-iň aýyplamalarynyň esassyzdygyny nygtaýar.
ÝK-nyň bu kararynyň, sentýabr ýa-da oktýabr aýynda monopoliýa garşy ýolbaşçy Margret Westageriň noýabr aýynda işinden aýrylmazyndan ozal yglan edilmegine garaşylýar.
Şu aýda ÝK Meta-ny Ýewropa Bileleşiginiň sanly kanunlaryny bozmakda hem aýyplady. Kompaniýa köp mukdarda şahsy maglumatlary ýygnamak bilen bir hatarda, ulanyjylary täze “Töle ýa-da kabul et” modeli boýunça tölegli abuna ýazylmaga mejbur etmekde aýyplanýar.


25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

23.06.2026 08:37
7.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

09.06.2026 12:01
1.9k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......