Alymlar magnit meýdanynyň kömegi bilen syçanlaryň aňyny uzakdan dolandyrmagy öwrendiler

  • 01.08.2024 16:42
  • 2.6k+

Düýpli ylymlar institutynyň koreý alymlary magnit ulanyp, beýnä täsir etmegiň täze usulyny oýlap tapdylar. Nano-MIND (Magnetogenetic Interface for NeuroDynamics-iň gysgaldylan ady) diýlip atlandyrylýan tehnologiýa beýnidäki neýron zynjyrlaryny işjeňleşdirmek ýa-da öçürmek üçin genetikanyň, nanopartikullaryň we magnit meýdanynyň utgaşmasyny ulanýar diýip, Science Alert  habar berýär.

Nano-MIND syçanlaryň özüni alyp barşyny uzakdan dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Aslynda, geçiriji oturdylan syçanlar düwmä bir gezek basylanda alymlaryň isleýşi ýaly - iýmit iýip, özara habarlaşyp ýa-da beýleki reaksiýalary görkezip başlaýar. Munuň üçin uly elektrodlaryň geregi ýok.
Tehnologiýa neýronlardaky ion kanallaryna täsir etmek üçin magnit meýdany arkaly işjeňleşdirilip bilinýän nanopartikullary ulanýar.
Gözlegiň esasy awtory Jinwu Çhon: "Bu beýniniň aýry-aýry ýerlerini magnit meýdany arkaly erkin dolandyrmaga mümkinçilik berýän dünýädäki ilkinji tehnologiýadyr. Beden agzalarynyň işine, çylşyrymly emeli nerw torlaryna, iki taraplaýyn beýni-kompýuter tehnologiýalaryna we newrologiki sökellikleri bejermekde täze usullara gönükdirilen barlaglarda onuň giňden ulanylmagyna garaşýarys." – diýýär.
Tehnologiýany iş ýüzünde barlamak üçin alymlar birnäçe synag geçirdiler. Birinjisi, beýniniň özeninde ýerleşýän we iýmitleniş, aragatnaşyk ýaly çylşyrymly hereketlere gatnaşýan reseptorlara degişli. Ýagny, has gönüläp aýdylanda, syçanlaryň iýmek, şeýle hem biri-biri bilen aragatnaşyk saklamak islegini açypdyrlar we ýapypdyrlar. Ikinji synag esasy reseptorlara - ene-atanyň aladasyna gönükdirilipdir. Netijede, hünärmenler gemrijileriň öz çagalarynyň sesine we, umuman, olar hakdaky aladasyna reaksiýasyny üýtgedip bilipdirler.
Barlagçylar täze tehnologiýany newrologiki ýollaryň takyk kartasyny düzmekde, bejergileriň täze usullaryny barlamakda ýa-da adamdaky akyl bozulmalaryny bejermekde ulanmagy umyt edýärler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....