Türkiýe elektrik energiýasyny daşary ýurtlardan satyn almak üçin täze bazarlar öwrenilýär – energetika ministri

  • 01.08.2024 10:07
  • 2.7k+

Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň ýolbaşçylygynda wekiliýet “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

TDH agentliginiň habar bermegine görä, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda türk tarapy duşuşyga gatnaşyjylary “MTA” kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyryp, bilelikdäki dag-magdan işlerini, şol sanda Köýtendagda magdan ugry hem-de Garabogazköl aýlagynda seýrek duş gelýän minerallar boýunça bilelikde iş alyp barmak baradaky teklibi beýan etdi. Öz nobatynda, türkmen tarapy bu tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Türkiýäniň wekiliýetiniň ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanda elektrik energiýasynyň, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.
Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri öz wekilçilik edýän döwletinde energetika pudagynyň ösüşi barada aýdyp, häzirki wagtda elektrik energiýasyny daşary ýurtlardan satyn almak üçin täze bazarlaryň öwrenilýändigini habar berdi we bu meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......