Microsoft we Lumen emeli aň ulgamynda tagallalaryny birleşdirýär

  • 31.07.2024 15:23
  • 564

Microsoft we Lumen Technologies emeli aňyň infrastrukturasyny berkitmäge gönükdirilen strategik hyzmatdaşlygy yglan etdiler. Bu hyzmatdaşlyk Microsoft-a emeli aňyň artýan zerurlyklaryny kanagatlandyryp, maglumaty işläp taýýarlaýan merkezleri üçin ulgam kuwwatlylygyny we mümkinçiliklerini giňeltmäge mümkinçilik berer.

Lumen Microsoft-a emeli aňa mahsus bolan göwrümli maglumatlar bilen iş salyşmak üçin zerur tizligi we öndürijiligi üpjün edýän ýokary hilli Privacy Connectivity Fabric ulgamyna girmäge mümkinçilik berer. Microsoft bolsa öz gezeginde, IT infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we işini sanlylaşdyrmak üçin Lumen-e Microsoft Cloud-a giriş mümkinçiligini berer.

Azure-iň esasy önümleri we dizaýny boýunça Microsoft-yň wise-prezidenti Erin Çappl: “Lumen, Azure-iň müşderileriň iş ýükleriniň aglabasyny goldaýan ygtybarly we ulaldylan platforma döretmek wezipesini goldamak üçin zerur bolan ulgam infrastrukturasyna we sanly mümkinçiliklere eýedir” diýip belleýär.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......