Raşid Meredow Eýranyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

  • 31.07.2024 13:55
  • 3.6k+

30-njy iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri dostlukly ýurduň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. R.Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Öz nobatynda Eýranyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýan Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny beýan etdi.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.


şu gün 07:51
662

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
903

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......