Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary ADNOC we Hyundai Engineering kompaniýalary bilen gepleşikleri geçirdi

  • 30.07.2024 21:17
  • 6.9k+

Duşenbe güni, 29-njy iýulda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň ADNOC (Birleşen Arap Emirlikleri) we Hyundai Engineering Co. Ltd. (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen nobatdaky duşuşyklary geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

ADNOC kompaniýasynyň uly wise-prezidenti jenap Abdulla Al Şamsiniň baştutanlygynda kompaniýanyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda «Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň häzirki tapgyrynyň aýratynlyklarynyň biri ADNOC kompaniýasy tarapyndan Gazagystanyň nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde işlemäge taýýarlygyň beýan edilmegi boldy. Şonuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň Türkmenistanyň iri möçberli halkara gaz taslamalaryny amala aşyrmaga goňşy döwletleriň ykdysady düzümleriniň gatnaşmagyny goldaýandygyny birnäçe gezek beýan edendigine üns bermek zerurdyr.
Häzirki döwürde bolsa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary «Hyundai Engineering Co. Ltd.» günorta koreýa kompaniýasynyň uly wise-prezidenti jenap Jung Song Ýonguň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işleriň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering Co. Ltd. kompaniýasynyň prezidenti jenap Jung Song Ýongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen nobatdaky gezek geňeşmeleri geçirdi. Duşuşykda taraplar häzirki gatnaşyklar we geljekde «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmek barada özara pikir alyşdylar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, wekiliýetler ýokarda agzalan taslamanyň ähmiýetine ünsi çekdiler, şunda hukuk taýdan üpjünçilik we işiň guramaçylyk meseleleri wajyp orunda durýar.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......